Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Horwatiýada bir erkek alty adamy öldürip, özüni heläkledi

0
Horwatiýanyň paýtagtynda alty adamy öldürmekde güman edilýän adamyň özüni heläklemegi bilen, 2-nji awgustda bu ýerde görlen polisiýa çäreleri tamam boldy diýip, ýerli media habar berdi. 


Ol adamyň öten agşam paýtagtda alty adamy tüpeňläp öldürendigi güman edilýär. Ýerli medianyň habarlaryna görä, ol öz ýanýoldaşy we dört sany maşgala agzasy bilen öldürilen pidalaryň biriniň ozalky adamsy eken. 


Goňşulary tüpeň sesleri barada habar berenlerinden soň, ofiserler şäheriň günorta mähellesindäki öýlerinden öldürilenleriň jesetlerini tapdylar.


Pidalar iki erkekden, üç aýaldan we bir çagadan ybarat diýip, Zagrebiň polisiýa başlygy Marko Rasiç žurnalistlere aýtdy.


Bu atyşykdan diňe ýedi aýlyk bäbek aman galdy diýip, Saraýewo radiosy habar berdi.


Polisiýa güman edilýäniň jesedini şäheriň başga etrabynda tapdy. Ol özüni öldürene meňzeýär.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса