Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Paşiniýanyň Daglyk-Garabag sebitine eden saparyndan soň, Baku we Ýerewan birek-biregini aýyplady

0
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýanyň Azerbaýjandan öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Daglyk-Garabag sebitine eden saparyndan soň, Ýerewan bilen Bakuwyň arasynda söz gapma-garşylyklary döredi.


Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň 7-nji awgustda ýaýradan beýanatynda Paşiniýanyň şu hepde sebite eden “bikanun” diýlip atlandyrylan saparynyň dartgynlylyklary “öjükdirendigi” aýdylýar.


5-nji awgustda Paşiniýan Daglyk-Garabagyň paýtagty Stepanakertde müňlerçe adamyň öňünde eden çykyşynda bu regionyň “Ermenistana degişlidigini” aýtdy.


Şeýle-de ol Daglyk-Garabag bilen Ermenistanyň birleşdirilmegine çagyrylyp geçirilen ýörişe ýolbaşçylyk etdi.


Munuň ertesi güni, Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Paşiniýanyň çykyşyny “agressiw” diýip atlandyryp, munuň sebitdäki konflikti çözmek ugrunda halkara araçylarynyň edýän tagallalaryna “uly zarba” bolandygyny aýtdy.


Ýerewan bolsa öz gezeginde, azeri resmileriniň Paşiniýanyň çykyşynyň “many we mazmunyna” düşünmändiklerini aýdyp, Bakuwy “diplomatiki etikanyň kadalaryny berjaý etmezlikde” aýyplady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса