Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Russiýanyň harby bazasyndaky partlamada iki adam öldi

0
Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Arhangelsk regionyndaky bir harby bazada ýüze çykan partlamada we ýangynda iki adam öldi, başga-da altysy ýaralandy. Bu barada Russiýanyň Goranmak ministrligi maglumat berdi.


Bu aralykda, golaýdaky şäherlerde radiasiýanyň derejesiniň ýokarlanandygy bellenilýär.


Ministrlik 8-nji awgustda reaktor hereketlendirjisi partlanyndan soň, ýangynyň dörändigini habar berdi.


Ýerli resmiler partlamanyň we ýangynyň Nýonoksa şäheriniň golaýynda ýüze çykandygyny aýtdylar. Bellesek, bu ýerde atom suwasty gämileri üçin niýetlenen harby-deňiz ballistiki poligony ýerleşýär.


“Atmosfera hiç bir zyýanly himiki serişdeler syzmady. Şeýle-de radiasiýanyň derejesi kadaly” diýip, Goranmak ministrligi maglumat berdi.


Emma, hadysanyň ýüze çykan ýerinden 30 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Sewerodwinsk şäherinde, partlamanyň yzýany, radiasiýanyň “az mukdarda ýokary galandygy” hem aýdyldy.


Greenpeace toparynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň sanlaryna salgylanyp beren maglumatyna görä, şäherde radiasiýanyň derejesi kadaly hasaplanýan görkezijiden 20 esse ýokary galypdyr.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса