Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Gani Owganystanyň ykbalynyň “keseden çözülip bilinmejekdigini” aýdýar

0
Owgan prezidenti Aşraf Gani daşardan gatyşylmagyny ret etdi we prezident saýlawlarynyň, planlaşdyrylyşy ýaly, indiki aýda geçirilmegine çagyrdy.


Bu çagyryş Birleşen Ştatlar bilen “Talybanyň” Owganystanda tas 18 ýyla golaý dowam edýän konflikti soňlamak ugrunda geçirýän gepleşikleriniň arasynda edildi.


"Saýlawlar arkaly gelmeli kanuny we berk hökümet bolmasa, owganlar mertebeli parahatçylyk gazanyp bilmez” diýip, Gani 11-nji awgustda, musulmanlaryň Eýd al-Adha baýramy mynasybetli telewideniýede berlen çykyşynda aýtdy.


Gany parahatçylygyň diňe “Owganystan Yslam Respublikasy bilen “Talyban” hereketiniň arasynda bolmagynyň” mümkindigini aýtdy.


“Biziň ykbalymyz keseden çözülip bilmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. “Owganystanyň ykbaly şu ýerde, watanyň özünde çözüler. Biz hiç kimiň öz içerki işlerimize gatyşmagyny islemeýäris” diýip, ol aýtdy. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса