Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

“Talyban”: Owgan parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyry tamamlandy

0
ABŞ we “Talyban” araçylary Owganystandaky 18 ýyllyk urşy tamamlamak ugrundaky gepleşikleriň sekizinji tapgyrynyň jemlenmeginden soňra, öz ýolbaşçylary bilen maslahat ederler diýip, “Talyban” mälim etdi.


“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid Kataryň paýtagty Dohadaky gepleşikleriň 12-nji awgustda ir bilen tamamlanandygyny mälim etdi. Şeýle-de, ol: “Bu uzyn we peýdaly [gepleşikler] boldy. Iki tarap hem indiki ädimler boýunça öz liderleri/ýolbaşçylary bilen maslahat etmek kararyna geldi” diýip, sözüne goşdy.


ABŞ resmileri häzirlikçe beýanat bilen çykyş etmediler.


Emma, 11-nji awgustda owganlar Gurban baýramyny belleýän pursady, ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “bu Owganystandaky uruş döwründe bellenilýän soňky Gurban baýramy bolar” diýen umydyny bildirdi.


“Men owganlaryň parahatçylygy isleýändiklerini bilýärin. Biz uzak möhletleýin we ynamly parahatçylyk ylalaşygynyň, şeýle-de goňşy döwletleriň hiç birine howp abandyrmajak özygtyýarly Owganystan döwletiniň ugrunda köp tagalla edýäris” diýip, Halilzad özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса