Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýadaky ilçisiniň Birleşen Ştatlaryň Russiýadaky nobatdaky ilçisi “saýlanmagy mümkin”

0
Prezident Donald Trampyň ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýadaky ilçisi Stephen Bieguny Birleşen Ştatlaryň Russiýadaky ilçisi hökmünde saýlamagy mümkin diýip, Vox News we Reuters agentlikleri ýagdaýdan habarly Ak Tamdaky çeşmelerine salgylanyp maglumat berýärler.


ABŞ-nyň Russiýadaky häzirki ilçisi Jon Hunstman Moskwany 3-nji oktýabrda terk eder. Onuň Utah ştatynyň gubernatorlygyna ýaňadandan dalaş etjekdigi aýdylýar. Ol Russiýada 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri işläpdi.


56 ýaşly Biegun Russiýa boýunça ekspert hökmünde tanalýar. Ol ozalky prezident Jorj W. Buşyň (George W. Bush) Milli Howpsuzlyk Geňeşinde hem bolupdy.


2014-nji ýylda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan soň, ABŞ bilen Russiýanyň gatnaşyklary dartgynlaşyp, munuň netijesinde Waşington Moskwa garşy sanksiýalary hem girizipdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса