Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Rus uçary gyssagly ýere gonanyndan soň 23 adam keselhana ýerleşdirildi

0
“Ural howaýollary” kompaniýasyna degişli uçar Moskwanyň golaýyndaky ekerançylyk meýdanyna gyssagly gonanyndan soňra, ýaralanan 23 adam, şol sanda bäş çaga keselhana ýerleşdirildi.


15-nji awgustda agzalýan howaýollary kompaniýa özüniň Airbus A321 uçarynyň dwigateliniň, ýagny hereketlendirijisiniň içine guşlar girenden soň, onuň Moskwanyň çetindäki Žukowkiý aeroportunyň golaýynda ýerleşýän mekgejöwen meýdanyna adatdan daşary, gyssagly gonandygyny mälim etdi. 


Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýaýradan beýanatynda wakada ýaralananlaryň biriniň saglyk ýagdaýynyň ölüm howplydygyny mälim edilýär. Ýerli media serişdeleriniň käbiri ýaralananlaryň arasynda dokuz çaganyň bardygyny aýdýar.


Wakanyň bolan wagty uçar Ukrainanyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym regionynyň paýtagty Simferopola barýardy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса