Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri tussaghanadan hassahana geçirildi

0
Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministri, korrupsiýada aýyplanan Sapar Isakow, insult alamatlary sebäpli, Bişkegiň merkezindäki deslapky tussaghanadan hassahana geçirildi. Ol  2018-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýardy. 


Ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň ýakyn ýarany hasaplanylýan 42 ýaşyndaky Isakow, Milli howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, 16-njy awgustda merkezi aziýa ýurdunyň paýtagtyndaky hassahana geçirildi. 


MHK bu iş boýunça başga detallary açmady.


Isakowyň 2018-nji ýylda tussag edilmegi prezident Sooronbaý Jeenbekow bilen öňki prezident Almazbek Atambaýewiň arasyndaky gapma-garşylyklaryň ilkinji alamaty boldy.


Polisiýa bilen iki güne çeken gapma-garşylykdan soň, 8-nji awgustda häkimiýetlere tabyn bolan Atambaýew 2017-nji ýylyň oktýabryndaky prezident saýlawlarynda Jeenbekowyň arkasynda berk durupdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса