Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Gazak sudy “etniki dartgynlyklary öjükdirmekde’ aýyplanan aktiwiste jerime salýar

0
Etniki dartgynlyklara meçew bermekde aýyplanan tanymal gazak aktiwisti tussaglykdan boşadyldy, Almaty sudy 16-njy awgustda oňa gazak pulunda 300 dollara golaý jerime saldy. 


Hytaýdaky etniki gazaklaryň azat edilmegi üçin kampaniýa gurnan Serikžan Bilaş sud otagyndan çykandan soň goldawçylaryna özüniň azat edilmeginiň “halk üçin ýeňiş” bolandygyny aýtdy.


“Atažurt Eriktileri” (Ataýurt meýletinçileri) toparynyň lidreri Bilaş mart aýyndan bäri Nur-Soltandaky öýünde öý tussagy edilip saklanýardy. Ol Sinjiaňdan Gazagystana gelip, bu ýerde oturym alan hytaýly gazaklar bilen birnäçe ýygnanyşyk gurandan soň tussag edildi. 


Ol Hytaý hökümetiniň “täzeden terbiýeleýiş” diýip atlandyrýan lagerlerindäki şertleri tankytlady. Bilaş bu lagerlerde edilýändigi aýdylýan sütemler sebäpli Hytaýyň Kommunistik partiýasyna garşy gozgalaň turuzmagy wagyz etmekde aýyplandy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса