Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Ukraina ysraýylly neşe söwdagärini we oňa kömek etmekde güman edilýän üç ofiseri tussag etdi

0
Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy internet arkaly neşe söwdasyny edýän ullakan toparyň ýolbaşçysy bolmakda güman edilýän ysraýylly amerikany, Ysraýyla ekstradisiýa ediljek wagtynda gaçyp gutulandan bir gün soňra tussag etdi. 


Amos Dow Silwer ”biziň ýurdumyzyň regionlarynyň birinde ele salyndy” diýip, howpsuzlyk gullugy öz websaýtynda aýtdy.


Beýanatda aýdylmagyna görä, ol ýakyn wagtda, häzirki kanunçylyk esasynda ekstradisiýa ediler.


Güman edilýän ysraýyllynyň Kiýewdäki Borispil aeroportunda “ekstradisiýadan sypmak üçin” gaçmagyna kömek etmekde güman edilýän üç howpsuzlyk ofiseri hem tussag edildi diýip, Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy aýtdy.


Silver mart aýynda tussag edildi. Ol hamala Telegramdaky ýaşryn habarlaşmak mümkinçiliklerini ulanmak bilen, Birleşen Ştatlary, Ukrainany, Ysraýyly we Germaniýany öz içine alýan neşe söwdasyna ýolbaşçylyk etmekde aýyplanýar. 


Ysraýyl polisiýasy bu guramanyň dolanyşygynyň onlarça million dollara barabardygyny aýdýar. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса