Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Eýran erkekleriň futbol oýnuny görjek bolup tutulan dört aýaly azat etdi

0
Tähran häkimiýetleri dört aýaly tussaglykdan boşatdy. HRW-nyň aýtmagyna görä, olar hamala erkek eşiklerini geýip, Yslam respublikasynda guralan futbol oýnuny görmäge synanyşanlarynda tussag edildiler.


Aýallaryň erkekleriň futbol oýnuny görmeklerine garşy kanundan sowulmak üçin erkek eşigini geýip, 12-nji awgustda stadiona baranda tussag edilendigi aýdylýan beýleki iki aýalyň ykbaly belli däl.


Barlagçy Tara Sepehrui Far 17-nji awgustda twitterde dört aýalyň girew goýlandan soň boşadylandygyny, olara “stadionlara bikanun girmek synanyşygy” aýyplamasynyň bildirilendigini aýtdy.


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän hökümetden aýry hukuk topary bu meselä ünsi çekip, eýran häkimiýetlerini tussag edilen aýallary Tähranyň günortasyndaky Karçak türmesinden azat etmäge çagyrdy.


Aktiwistler bu türmedäki arassaçylyk şertleriniň ýaramazdygyny aýdýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса