Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Berdimuhamedow işlemeýän bankomatlar üçin Merkezi bankyň başlygyna ‘käýinç’ berdi

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtdaky “bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin” diýen kesgitleme bilen Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.


19-njy awgustda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Berdimuhamedow ýurduň banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdarynyň bardygyny öňe sürüp,  bankomatlaryň sazlaşykly işine gözegçiligiň ýola goýulmagynyň “döwrüň talaby bolup durýandygyny” aýtdy.


Bellesek, Azatlyk Radiosy bankomatlardaky uly nobatlar, nagt pul ýetmezçiligi ýaly ýagdaýlar dogrusynda yzygiderli habarlary berip gelýär.


Galyberse-de, prezidentiň çykyşyna çenli, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň sebitlerindäki bankomatlardaky nagt pul ýetmezçiligi, onuň sebäpleri we ilata ýetirýän täsirleri barada düşündiriş ýa-da maglumat bilen çykyş etmän gelýärdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса