Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa boýunça wekili Russiýada ilçi bolmak teklibinden ýüz öwürdi

0
ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa boýunça ýörite wekili Stefen Biegun (Stephen Biegun) Birleşen Ştatlaryň Russiýadaky nobatdaky ilçisi bolmak baradaky teklibi ret edip, muňa derek Demirgazyk Koreýanyň denuklerizasiýasy boýunça işlemekçidigini aýtdy diýip, Reuters agentligi habar berýär.


Biegun häzir Seulda Günorta Koreýanyň resmileri bilen gepleşikleri geçirýär. Ol Phenýangyň taýýar bolan pursady, ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa bilen gepleşikleri ýaňadandan başlatmaga taýýarlyk görýändigini hem mälim etdi.


“Men Russiýa Federasiýasynda diplomatiki wezipäni öz üstüme almakçy däl. Muňa derek, men Demirgazyk Koreýa boýunça öňegidişlikleri gazanmak ugrunda tagalla etmekçi” diýip, Biegun belledi.


Mundan bir gün öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp döwlet sekretarynyň orunbasary Jon Sulliwanyň (John Sullivan) Waşingtonyň Russiýadaky nobatdaky ilçisi “bolmagynyň gaty mümkindigini” aýtdy.


Şu aýyň başynda ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Jon Huntsman Jr. özüniň bu wezipeden çekilýändigini yglan edipdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса