Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Donbas konfliktinde bir ukrain esgeri öldi, başga-da üçüsi ýaralandy

0
Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitinde Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen Kiýewiň hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşykda bir ukrain esgeri öldi, başga-da üçüsi ýaralandy.


Harbylaryň berýän maglumatyna görä, esgerlere garşy “granatamýotlardan, mergen tüpeňlerinden, agyr we kiçi ýaraglardan” ot açylypdyr.


Hadysada 20 ýaşyndaky Witaliý Sobko heläk boldy.


2014-nji ýylyň aprelinde Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde Russiýa tarapynda goldanylýan separatistler ellerine ýarag alyp, hökümet güýçlerine garşy çykdylar. Şondan bäri konfliktde 14 müňe golaý adam heläk boldy.


Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna jogap edip, Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we beýleki döwletler Moskwa garşy sanksiýalary girizdiler.


Şu ýylyň iýulynda konfliktde 66 ukrain esgeri öldi diýip, Ukrainanyň censor.net habar portaly maglumat berýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса