Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow kärdeşi Sergeý Lawrow bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

0
Wise-premýer, türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow 29-njy awgustda öz rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefonda gürleşip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy.


Merewod we Lawrow söhbetdeşligiň dowamynda GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda hem pikir alyşdylar diýip, türkmen tarapynyň DIM-niň habarynda aýdylýar.


Şeýle-de taraplaryň şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berendikleri bellenilýär. 


SNG.Today neşiriniň maglumatyna görä, türkmen paýtagtynda sentýabrda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň hem mejlisi geçiriler.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса