Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2020

ABŞ-nyň Ukrainadaky ozalky ilçisi Ýowanowiç Döwlet departamentinden işden çekildi

0
ABŞ-nyň Ukrainadaky ozalky ilçisi Mari Ýowanowiç Döwlet departamentinden işden çekildi diýip, amerikan mediasy 31-nji ýanwarda habar berdi. Ol geçen noýabrda Wekiller öýüniň prezident Donald Trampa garşy açan impiçment diňlenişiklerinde esasy oýnan adam boldy. 


Ýowanowiç 2019-njy ýylyň maýynda, Trampyň hususy aklawçysy Rudi Julianiniň ýolbaşçylygynda işden çetleşdirmek boýunça edilen gujurly kampaniýadan soň, birden Kiýewden Waşingtona çagyryldy. 


33 ýyllap diplomatik işlerde işlän Ýowanowiç Kiýewden çagyrylandan soňam Döwlet departamentiniň aýlygynda galdy we Waşingtondaky Georgetown uniwersitetinde sapak berdi.


Ýowanowiç noýabrda Wekiller öýüniň impiçment derňewinde görkezme berip, Julianini Ukrainada diplomatiýanyň “regulýar däl kanalyny gurnamakda” aýyplady.


Ol munuň bölekleýin Trampyň içerki syýasy bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса