Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Eýran: Döwlet telewideniýesi hökümetiň onlarça müň tarapdarynyň köçelere çykandygyny habar berdi

0
Eýranyň döwlet telewideniýesi birnäçe günläp hökümete garşy dowam edýän çykyşlardan soň hökümetiň onlarça müň tarapdarynyň köçelere çykandygyny habar berýär. Eýranyň Press TW atly iňlis dilli telewideniýesi 3-nji ýanwarda hökümeti goldamak üçin geçirilen demonstrasiýalary we döwlet baýdagyny göterip, ruhanylaryň gözegçiligindäki häkimiýeti makullaýjy şygarlary gyryp çykyş eden gatnaşyjylary göni efirde görkezdi.


Döwlet telewideniýesiniň maglumatlarynda Ahwas, Kermanşah we Gorgan şäherlerinde geçirilen çäreler görkezildi, demonstrantlar 28-nji dekabrda başlanan hökümete garşy çykyşlaryň dowamynda azyndan 22 adamyň ölümine getiren zorluklary ýazgardylar.


Ýewropanyň we ABŞ-nyň liderleri “kabul edip bolmaýan adam ýitgilerini” we hökümete garşy çykyş eden ýüzlerçe adamyň tussag edilmegini ýazgaryp çykyş etdiler.


Waşington Tähran adamlaryň öz närazylyklaryny mälim etmek üçin parahatçylykly protest geçirmegine rugsat bermeli diýdi we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahat geçirmegine çagyryş etdi.


Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei “Eýranyň duşmanlaryny” hökümete garşy protestleri öjükdirmekde aýyplady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса