Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 23.01.2018

Aşgabatda könelişen ulaglary awtoduralgada goýmak gadagan edildi

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri Aşgabadyň awtoduralgalaryndan sähel könelişen, ýagny motoryndan ýag damýan awtoulaglary çykaryp başladylar. Bu waka türkmen remsileriniň ýurtda gara reňkli awtomobillere garşy görýän çärelerini güýçlendiren mahalyna gabat geldi.

'Edilmedik' hyzmatlar üçin tölegleri tabşyrmak gezegi Lebaba ýetdi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginde, kärendeçiler bilen ýylyň hasaplaşyk işleri geçirilýän mahaly resmileriň olary 2018-nji ýyl üçin heniz edilmedik hyzmatlara artykmaç pul tölemäge mejbur edýändigi öňe sürülýär

Dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy ýene üýtgedi

Azathabar.com 

Türkmenistanda, şol sanda Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene üýtgedi. 23-nji ýanwarda söwdagärler 1 amerikan dollaryny 10,60-10,80 manatdan satyn alyp, 11,50-11,60 manatdan satýarlar.

2017-nji ýylda BMG-niň azyndan 56 sany parahatçylygy döredijisi wepat boldy

Azathabar.com 

2017-nji ýylda BMG-niň azyndan 56 sany parahatçylygy döredijisi öldürildi. Bu san 1994-nji ýyldan bäri iň uly adam ýitgisi boldy. BMG-niň 22-nji ýanwarda çap eden hasabatyna görä, 2013-nji ýyldan bäri BMG-niň 15 sany parahatçylygy dörediji operasiýasynda 135 sany esgeri, polisiýa wekili we raýat işgäri wepat bolupdyr. Pidalaryň aglabasy agzalan wagt möhletinde Malide, Günorta Sudanda we Merkezi Afrika respublikasynda wepat bolupdyr. Hasabatda pidalaryň sanynyň artmagy BMG-niň baýdagynyň indi... Читать дальше...

Londonda gazyň syzmagy sebäpli 1450 adam ewakuasiýa edildi

Azathabar.com 

Londonyň ýangyna garşy göreş boýunça gullugy gazyň syzmagy bilen baglylykda gijeki klubdan we myhmanhanadan 1450 adamyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi. Adatdan daşary gulluklar Britaniýanyň paýtagtynyň syýahatçylyk merkezine 23-nji ýanwarda ýerli wagt bilen daňdan sagat ikide çagyrylypdy. Ýaralanan adamlar barada maglumat bolmady. Gaz geçirijide näsazlygyň anyklanandygy habar berildi. Gazyň syzmagynyň netijesinde “Charing Cross” we “Waterloo East” stansiýalary ýapyldy. Resmiler gazyň... Читать дальше...

Tramp ABŞ-nyň hökümetini maliýeleşdirmek boýunça gysga möhletli çärä gol çekdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hökümeti 8-nji fewrala çenli maliýeleşdirmek boýunça gysga möhletli çärelere gol çekip, hökümetiň işiniň üç günläp bes edilmegi bilen bagly ýagdaýyň soňuna çykdy. Trampyň 23-nji ýanwarda gol çeken karary ABŞ-nyň Kongressiniň iki öýüniň geçiren bitarap ses berişliginde goldanypdy. "Men Kongressdäki demokratlaryň özüne gelendigi üçin hoşal” diýip, Tramp kanuna gol çekensoň aýtdy. Şol bir wagtda-da, iki partiýanyň syýasatçylary hökümetiň işini togtatmagynda bir-birini aýyplapdy. Читать дальше...

Orsýet meşhur sportsmenleriniň gyşky olimpiada gatnaşmagynyň gadagan edilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidentiniň metbugat wekili olimpik altyn medallaryň altysynyň eýesi Wiktor Ahnyň we beýleki meşhur orsýetli sportsmenleriň fewral aýynda geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna girizilen gadagançylygy “gynandyryjy” diýip atlandyrdy we Halkara Olimpiýa komitetinden (IOC) düşündirme soraýandygyny aýtdy. 23-nji ýanwarda Orsýetiň Olimpiýa komiteti meşhur orsýetli sportsmenler Wiktor Ahnyň, Sergeý Ustýugowyň we Anton Şipuliniň 9-25-nji fewral aralygynda Günorta Koreýada sport bäsdeşligine... Читать дальше...

ABŞ-nyň we Fransiýanyň baş diplomatlary Eýran barada gepleşik geçirerler

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň 23-nji ýanwarda Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Ywes Le Drian bilen Parižde geçirjek gepleşiklerinde Eýran bilen bagly meseleleriň esasy orun tutjagyna garaşylýar. Tillerson Fransiýa Ýewropa ýurtlaryna 22-nji ýanwarda başlan saparynyň dowamynda bardy. Tillerson Tähran babatynda çäre görmek meselesinde Ýewropa ýurtlaryndan goldaw almakda öňegidişligiň bardygyny aýtdy we munuň ABŞ-nyň Eýran bilen ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň öňüni alyp biljegini belledi. Читать дальше...

HORMATLY ARKADAG: Raýatlar türkmеn tеlеkanallaryna tomaşa edip bilmеýärler

Azathabar.com 

Salam!  Gеçеn anna güni arkadag wisеpremýеrine tеlеwideniýe işiniň hilini gowlandyrmagy tabşyrdy bu elbеtdе birinji gеzеk däl.... iň gynandyrýany biziň tеlеwideniýe mundan ençеmе ýyl öz tomaşaçysyny, mеtbugat öz okyjysyny ýitirdi. Daşoguzda Boldumsaz etrabynda türkmеn TW diňi bar ýönе bu TW diňindеn 15 kilomеtr daşlykdaky raýatlar türkmеn tеlеkanallaryny tomaşa edip bilmеýärler, rеňklеri umuman görinmеýär, azajyk sеsi eşidilýar bolany. Satellit antеnna çanaklaryny türkmеn emеli hеmrasyna bakdyryp tomaşa edýän umuman ýok... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса