Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 27.01.2018

Türkmenistanda ýylyň  iň gowy etraby kesgitlendi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti 26-njy ýanwarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky buýruga gol çekdi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň beren maglumatlary, bilermenleriň bahalary esasynda ýurduň iň gowy etraby kesgitlendi, ýagny bäsleşikde  Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby ýeňiji boldy. Şýle hem döwlet baştutany 2018-nji ýylda etraplaryň we şäherleriň arasyndsa nobatdaky bäsleşigi yglan etmek hakynda resminama gol çekdi.

Protest üçin türmä basylan gazak aktiwisti hiç ‘utanjynyň’” we ökünjiniň ýokdugyny aýdýar

Azathabar.com 

2016-njy ýylda ýer reformalaryna garşy protest gurnandygy üçin 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen gazak aktiwisti özüniň hiç bir ‘utanç’” we ökünç duýmaýandygyny aýdýar. Maks Bokaýew 26-njy ýanwarda, sud diňlenişiginiň arakesmesinde internet arkaly Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen gürleşdi. Ol özüniň Demirgazyk Gazagystan regionyndaky türmä, dogduk sebiti bolan Atyrau regionyndan 3 müň km çemesi uzaga geçirilmegine gaşy şikaýat etdi.  Demirgazyk Gazagystanyň paýtagty Petropawl şäherinden... Читать дальше...

Owgan paýtagtynda bolan ulag partlamasynda onlarça adam öldi

Azathabar.com 

Kabulyň merkezindäki köp adamly ýeri nyşana alan ulag bombasy partlanda, azyndan 20 adam öldi, 110 çemesi adam bolsa ýaralandy. Saglyk ministriniň sözçüsi Wahidullah Majrooh pidalaryň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny, ýaralylaryň getirilmeginiň dowam edýändigini aýtdy. “Talyban” jeňçi toparynyň sözçüsi Zabihullah Mujahid bu hüjümiň arkasynda öz toparynyň durandygyny habar berdi. Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, hüjümçiler barlag nokatlaryndan geçmek üçin “Tiz kömek” maşynyny ulanypdyrlar. Читать дальше...

Federal derňew býurosy Orsýetiň ozalky ministri Lesiniň ölümi boýunça materialy çap etdi

Azathabar.com 

Federal derňew býurosy Mihail Lesiniň ölüminiň derňewi boýunça onlarça sahypa materialy çap etdi, bu materiallar Orsýetiň ozalky metbugat ministriniň 2015-nji ýyldakyölümi boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerinden ybarat.  ABŞ-nyň kanun we hukuk goraýjylar agentligi 26-njy ýanwarda 56 işden ybarat materiallary çap etdi, olaryň içinde Lesiniň jesedinde geçirilen medisina we toksologiýa barlaglarynyň netijeleri, onuň ömrüniň soňky günlerinde ýaşan myhmanhanasynyň wideo ýazgylary hem bar. Lesiniň ölümi... Читать дальше...

Siriýa oppozisiýasy Soçide rus goldawynda geçjek ‘kongrese’ gatnaşmaýar

Azathabar.com 

Siriýanyň esasy oppozision topary Soçide 29-30-njy ýanwara bellenen we Orsýetiň howandarlygynda geçiriljek “parahatçylyk kongresine” gatnaşmajakdygyny aýdýar. Siriýanyň Gepleşikçiler komissiýasynyň (SNC) sözçüsi Ýahýa al-Aridi 27-nji ýanwarda Siriýanyň hökümeti we onuň rus ýarany zerur bolan borçnamalar bilen üpjün etmediler we Soçi gepleşikleri BMG-niň parahatçylyk ylalaşygyna araçylyk etmek tagallalaryny gowşatmak synanyşygy boldy diýdi. Emma bu kararyň gutarnyklydygy ýa-da SGK-nyň ýolbaşçylarynyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко сделала признание о соперничестве с Рыбакиной






"Единая Россия" поддержала кандидатуру Михаила Мишустина на должность председателя Правительства РФ

Мигель Диас-Канель и Геннадий Зюганов обсудили вопросы укрепления связей между Кубой и Россией

Маршрут следования автобусов № 24 изменят с 13 мая в Дмитрове

Жители Люберец станцевали Майский вальс в канун Дня Победы