Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 21.01.2018

Türk goşunlary Siriýanyň kürtleriň elindäki sebitine girdi

Azathabar.com 

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim öz ýurdunyň goşunlarynyň Siriýa bilen aradaky serhetden geçendigini we Ankaranyň indi ikinji gün kürtleriň elindäki sebitde harby operasiýa geçirýändigini aýdýar. Ýildirim 21-nji ýanwarda goşunlaryň Afrin regionynyň içine girendigini aýtdy. Bu sebit Siriýanyň kürt YPG milisiýasynyň kontrollygynda ýerleşýär diýip, türk metbugaty habar berdi. Olar türk goşunlarynyň Azat Siriýa goşuny bilen gapdallaşyp ilerleýändiklerini aýtdylar.  Ýildirim bu operasiýanyň... Читать дальше...

Tillerson Ýewropa sapar edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson 21-ni ýanwar güni, Ýewropa saparynyň ilkinji gonalgasynda Londona gelýär. Ol Parižde, Warşawada we Şweýsariýada, Dawosda geçirilýän Bütindünýä Ykdysadyýet forumynda bolar. Anonim şertde gürleşen ABŞ resmisi Tillersonyň ABŞ ýaranlary bilen geçirjek gepleşiklerinde eýran temasynyň agdyklyk etjekdigini aýtdy. Bu sapar Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň ykbaly barada ýapyk gapylaryň arkasynda edilýän gürrüňleriň arasyna gabat geldi. Tähran bu ylalaşyk... Читать дальше...

Praganyň merkezinde bolan otel ýangynynda iki adam öldi

Azathabar.com 

Praganyň merkezinde ýerleşýän dört ýyldyzly myhmanhanada bolan ýangyn netijesinde iki adam heläk boldy, onlarça adam ýaralandy diýip, halas edijiler aýtdylar. Çeh paýtagtynyň “Tiz kömek” gullugynyň sözçüsi Jana Postova şäher merkezindäki Ýewrostars Deýwid otelinde bolan ýangynda iki adamyň ölendigini aýtdy, emma ýogalanlaryň millet aýdylmady. “Biz ýedi adamy bejerýäris, olaryň üçüsiniň ýagdaýy agyr” diýip, ol aýtdy. Postowa Milli teatryň golaýynda, Wltawa derýasyndan biraz daşlykda ýerleşýän... Читать дальше...

Rumyniýada on müňlerçe adam korrupsiýa garşy protest bildirýär

Azathabar.com 

Rumyniýalylaryň on müňlerçesi Buharestiň köçelerine proteste çykdy, olar dolandyryjy Sosial demokratlaryň teklip edýän adalat reformalaryna garşy çykýarlar. Garşydaşlar teklip edilýän reformalaryň ýokary derejelerde edilýän korrupsiýany derňemegi has kynlaşdyrjakdygyny aýdýarlar. 20-nji ýanwarda, demonstrasiýaçylar rumyn paýtagtynyň Uniwersitet skwerinde toplananda, protestçiler bilen pitne garşy polisiýanyň arasynda gysga wagtlyk tutluşyklar hem boldy,  Bu protest geçen aý parlamentde tassyklanan... Читать дальше...

Siriýadaky kürt sebitine hüjüm wagtynda türk şäherine raketa atyldy

Azathabar.com 

Türk resmileri güman edilýän kürt söweşijileriniň serhediň aňyrsynda raketa atandyklaryny we şondan birnäçe sagat soň türk goşunlarynyň demirgazyk Siriýada kürtleriň ýolbaşçylygynda dolandyrylýan sebitde operasiýa başlandyklaryny aýdýarlar. Kilisiň gubernatory Mehmet Tekinarslan 21-nji ýanwar güni irden serhet şäherinde dört sany raketanyň gelip düşendigini, bir adama ýeňilräk ýara düşendigini, iki jaýa we bir ofise zyýan ýetendigini gürrüň berdi. Tekinarslan türk toplarynyň jogap okalary bilen gaýtawul berendiklerini hem sözüne goşdy. Читать дальше...

Türkiýede türkmenistanly studentleriň raýdaşlyk jemgyýeti döredildi

Azathabar.com 

Türkiýe türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almak üçin ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary guramasy (ÝÖK) ýurtdaky iň köp daşary ýurtly student sany taýdan Türkmenistanyň 3-nji orunda durýandygyny bildirýär.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса