Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 28.01.2018

Dünýä Halkara Holokost ýatlama gününi belledi

Azathabar.com 

Ikinji Jahan urşundaky Holokost gyrgynçylygyndan aman galan garrylar we syýasy liderler 27-nji ýanwarda Oswensimde, ozalky ölüm lagerinde toplanyp, nasistik gyrgynçylygyň Halkara Holokost ýatlama gününi belleýän dünýä duýduryş bolup hyzmat etmegini dowam etdirmelidigini nygtadylar. Ýatlama çäreleri Oswensimiň azat edilmeginiň 73-nji ýyl dönüminde, gün ýaşanynda, ýewreý şenbesi tamam bolandan soň, Polşanyň günortasynda geçirildi.  ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Polşanyň paýtagty Warşawada... Читать дальше...

Kabul hüjüminde ölenleriň sany 100-den aşdy, Owganystan ýas tutýar

Azathabar.com 

Owganystanyň hökümeti, Kabulda 100-den gowrak adamy heläklän ulag partlamasyndan soň, 28-nji ýanwary ýas güni diýip yglan etdi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” jeňçileri öz üstüne aldy.  Pidalaryň jaýlanýan wagtynda, prezidentiň buýrugy esasynda, ýurtdaky we daşary ýurtlardaky owgan ilçihanalaryndaky owgan baýdaklary ýarpy aşak goýberildi. Şu aralykda, içeri işler ministri Wais Barmak Kabulyň merkezindäki partlamada ölen adamlaryň sanynyň 103-e ýetendigini aýtdy. Resmiler mundaň öň pidalaryň sanynyň 95-digini aýdypdylar. Читать дальше...

Orsýete tarapdar Zeman çeh prezidentligine gaýatdan saýlandy

Azathabar.com 

Orsýete tarapdar prezident Miloş Zeman saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňiji bolup, ikinji bäş ýyl möhlet üçin çeh prezidentligne saýlandy.  Jemleýji netijeler Zemanyň saýlawçylaryň 51.36 prosentiniň sesini alandygyny görkezdi, onuň garşydaşy, Ýewropa tarapdar alym Žiri Drahos saýlawçylaryň 48.63 prosentiniň sesini aldy we ýeňlişini kabul etdi. 73 ýaşyndaky Zeman telewideniýede berlen sözünde “Bu meniň soňky ýeňşim” diýdi we goldawçylaryna sagbolsun aýtdy. 8.4 milliona golaý çeh saýlawlarda ses bermäge hakly. Читать дальше...

Tramp ähli ýurtlary “Talybana” garşy “aýgytly herekete" çagyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Kabulda partladylan ulag bombasy azyndan 95 adamy öldüreninden soň, ähli ýurtlary “Talybana” garşy “aýgytly herekete” çagyrdy.  Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy. “Men şu gün Kabulda guralan we onlarça bigünä adamy öldüren, ýüzlerçe adamy ýaralan namart hüjümi ýazgarýaryn. Bu ganly hüjüm biziň-de, biziň owgan hyzmatdaşlarymyzyň-da aýgytlylygyny berkidýär” diýip, Tramp 27-nji ýanwardaky beýanatynda aýtdy. "Indi ähli ýurtlar “Talybana” we olary... Читать дальше...

Nawalnynyň tarapdarlary saýlaw boýkotyny goldaýarlar

Azathabar.com 

Orsýetliler Wladimir Putiniň golunyň astynda ýene bir alty ýyl ýaşamak ähtimallygyny halamaýarlar we 28-nji ýanwarda, Alekseý Nawalnyny goldap, saýlawlary boýkot etmäge çagyrmak üçin ýurt boýunça proteste başladylar. Häkimiýetler kanuny bozan diýip hasaplanan demonstrasiýaçylara berk çäre görjekdiklerini duýdurdylar. Nawalnyý, korrupsiýa garşy göreşiji we oppozisiýa lideri, maliýe jenaýatçylygy sebäpli 18-nji martda geçiriljek saýlawlarda bäsleşmek hukygyndan kesilenden soň, saýlawlary boýkot etmäge çagyrdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса