Türkmenistanyň prezidenti kadrlara degişli karar çykardy
TDH gullugynyň 3-nji ýanwarda habar bermegine görä, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow medeniýet ugruna we habar beriş serişdelerine jogapkär hökümet agzasyna wezipe borçlaryny kadaly berjaý etmändigi, öz goly astyndaky edaralara gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç berip, goýberilen kemçilikleri düzetmek üçin soňky duýduryş edipdir. Resmi maglumatda agzalan kemçilikler barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidentiniň zähmet we sosial goragy, saglygy saklaýyş we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlaryny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir karary boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň apparatynyň we Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesine Hajymyrat Hajymyradow bellendi.
Bu resminiň öň Türkmenistanyň prezidentiniň apparatynyň iş dolandyryjy edarasynyň köşk toplumyny we düýpli bejeriş boýunça edaranyň bölüm başlygy wezipesinde işländigi 3-nji ýanwarda çap bolan resmi maglumatda aýdylýar.
