ABŞ Pakistana howpsuzlyk ugrundan 900 million dollarlyk kömegi ýatyrdy
“Talyban we Hakgani topary Pakistanyň içinde pena tapýarlar we olar Owganystany durnuksyzlandyrmak hem-de ABŞ we onuň ýaranlaryna hüjüm etmek üçin dildüwüşik gurnaýarlar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert 4-nji ýanwarda aýtdy.
Döwlet departamenti Pakistana kömegiň ýatyrylmagy bilen bagly detallaryň üstünde işlenilýändigini belledi. ABŞ-nyň resmileri kararyň Pakistana berilýän graždan kömege täsir ýetirmejegini mälim etdiler.
