Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynyň öňýany Eýranda hökümete goldaw bildiriji demonstrasiýa geçirildi

0
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 5-nji ýanwarda Eýran boýunça geçirilýän adatdan daşary maslahatynyň öňüsyrasynda Eýranda hökümete goldaw bildiriji demonstrasiýa geçirildi.


Günbatar metbugatynyň maglumatlaryna görä, Tähran sosial media serişdelerini petikläli bäri hökümete garşy protestler güýçlenipdir. Çykyşlaryň ilkinji günlerinde protestçiler sosial media arkaly bolup geçýän ýagdaýlar barada habar beripdi.


Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň gwardiýasynyň protestleriň tamamlanandygyny yglan etmeginden soň döwlet mediasy hökümete garşy protestler barada habar bermeýär, emma ýurduň dürli böleklerinde howpsuzlyk güýçleriniň ýerleşdirilýändigini mälim edýär.


Eýranda täze ýylyň öňüsyrasynda başlanan hökümete garşy protest çykyşlaryň dowamynda azyndan 22 adamyň wepat bolandygy we 1000-den gowrak adamyň tussag edilendigi habar berildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса