Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Türkmen prezidenti Özbegistan bilen gatnaşyklaryň has dinamiki häsiýete eýe bolup barýandygyny aýtdy

0
Türkmenistanyň prezidenti Özbegistan bilen gatnaşyklaryň has dinamiki häsiýete eýe bolup barýandygyny aýtdy.


“Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga we birek-birege düşünişmeklige esaslanyp, şu günki gün has dinamiki we öňe barýan häsiýete eýe bolýar, olar birek-birege ynam, deňlik we açyklyk bilen tapawutlanýar” diýlip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki goňşy ýurduň diplomatiki gatnaşyklarynyň 25-nji ýyl dönüminde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ýollan hatynda belländigi media maglumatlarynda habar berildi.


Habar berlişine görä, Berdimuhamedow Mirziýoýewe ýurtlaryň özara partnýorlygynyň pugtalanmagyna şahsy taýdan uly üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildiripdir.


Munuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana saparynyň planlaşdyrylýandygy habar berlipdi. Media maglumatlarynda 5-nji ýanwarda habar berlişine görä, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu barada iki goňşy ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň 25-nji ýyl dönümine gabatlap, türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan gutlag hatynda mälim edipdir.


2006-njy ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň ýogalmagynyň yzýany ýurt başyna geçen Mirziýoýew dekabrda prezident saýlanmagynyň yzýany ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrypdy we 2017-nji ýylyň dowamynda iki gezek goňşy ýurda baryp, prezident Berdimuhamedow bilen duşuşypdy.


Türkmenistanyň we Özbegistanyň aragatnaşyklary jemi 200 çemesi ylalaşyga esaslanýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса