Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Barlaglar: Ukrainadaky konflikt HIV wirusynyň ýaýramagyny artdyrdy

0
Gündogar Ukrainadaky konflikt adamlary köki-damary bilen başga ýere göçmäge mejbur eden mahaly, tutuş ýurtda HIV wirusynyň ýaýramagyny artdyrdy diýlip, täze barlaglaryň netijelerinde aýdylýar.


15-nji ýanwarda Birleşen  Ştatlaryň “PNAS” žurnalynda çap edilen raportda bellenmegine görä, 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän ýowuzlyklaryň esasy sebitleri bolan Donetsk we Luhansk şäherleri HIV wirusyny ýurduň beýleki böleklerine, şol sanda Kiýewe we Odesa ýaýradan esasy eksportýorlar hasaplanýar.


Ukraina özüniň 45 million ilatynyň ortaça 220 000 sanysyna HIV wirusy ýokuşandygy sebäpli, Ýewropada HIV wirusynyň derejesi boýunça iň ýokary görkezijä eýedir.


Barlagda aýdylmagyna görä, Ukrainada HIV wirusy ýokuşan adamlaryň ýarysy özleriniň bu infeksiýa duçar bolandygyny bilmeýändigi sebäpli ýurtda HIV krizisi “sessiz epidemiýa” öwrüldi. Şeýle-de, barlagda Ukrainada HIV wirusy ýokuşan adamlaryň ortaça 40 prosentiniň keseliň soňky tapgyryndadygy bellenilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса