Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Praganyň merkezinde bolan otel ýangynynda iki adam öldi

0
Praganyň merkezinde ýerleşýän dört ýyldyzly myhmanhanada bolan ýangyn netijesinde iki adam heläk boldy, onlarça adam ýaralandy diýip, halas edijiler aýtdylar.


Çeh paýtagtynyň “Tiz kömek” gullugynyň sözçüsi Jana Postova şäher merkezindäki Ýewrostars Deýwid otelinde bolan ýangynda iki adamyň ölendigini aýtdy, emma ýogalanlaryň millet aýdylmady.


“Biz ýedi adamy bejerýäris, olaryň üçüsiniň ýagdaýy agyr” diýip, ol aýtdy. Postowa Milli teatryň golaýynda, Wltawa derýasyndan biraz daşlykda ýerleşýän otelden 40 çemesi adamyň ewakuasiýa edilmeli bolandygyny hem sözüne goşdy.


Ýangyn söndürijiler otele öýlän sagat 5-de çagyryldy we ody öçürmek üçin iki sagat wagt gerek boldy diýip, ýangyn söndüriji brigadanyň sözçüsi Martin Kavka aýtdy. Ýangynyň anyk sebäbi belli däl.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса