Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2018

BMG Makedoniýanyň ady boýunça dawany çözüp boljagyny aýdýar

0
BMG 26 ýyl bäri Afinleriň we Skopiýeniň arasynda Makedoniýa adynyň ulanylmagynyň daşynda dowam edýän dawany çözmekde öňegidişligi gazanyp boljakdygyny aýtdy.


“Käbir pozitiw momentleri döredildi” diýip, BMG-niň metbugat wekiliniň orunbasary Farhan Hak 29-njy ýanwarda aýtdy we çykalganyň BMG-niň araçylygynda we “iki ýurduň liderleriniň we halklarynyň barlyşygynyň ruhunda” gazanyljagyny belledi.


BMG-niň wekili Matthew Nimetz dawny çözmek maksady bilen 30-njy ýanwarda Gresiýa iki günlük saparyna başlady. Onuň Gresiýanyň daşary işler ministri Nikos Kotzias bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.


Skopiýeniň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan edeli bäri Makedoniýa adyny unamagyna Gresiýanyň garşylygy Balkan ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine we NATO goşulmagyny çylşyrymlaşdyrdy.


Afinler Skopiýeniň Makedoniýa adyny ulanmagynyň onuň Gresiýanyň demirgazygyndaky Makedoniýa regionyna territorial dawasynyň bolmagyny aňladýandygyny aýdýar.


Iki ýurduň liderleri dawany 2018-nji ýylyň aýagyna çenli çözmäge isleg bildirdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса