Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Serbiýa-Eýran howa gatnawy täzeden ýola goýuldy

0
Eýran bilen Serbiýanyň arasyndaky howa gatnawy, 27 ýyllyk arakesmeden soň, täzeden ýola goýuldy.


Şenbe güni IranAir uçary Belgradyň Nikola Tesla aeroportynda gondy.


Şol bir wagtda, Serbiýanyň içindäki käbir toparlar Eýrandan Ýewropa hemişelik aşjak bolýan migrantlaryň täze tolkunynyň döremeginden howatyr edýärler.


Serb habar serişdeleriniň maglumatyna görä, hepdede iki uçuşy amala aşyrjak Tähran-Belgrad ugry boýunça gatnajak uçarlaryň ähli biletleri tomusyň aýagyna çenli satylyp gutarypdyr.


Bu ugur boýunça, esasan, Ýewropada ýaşaýan eýranlylaryň gatnajakdygy aýdylýar. Emma, Serbiýanyň bosgunlara goldaw beriş topary Eýrandan Ýewropa bikanun migrantlaryň gelip biljekdigine howatyrlanma bildirdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса