Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 07.03.2018

Täjik biznesmeni we onuň maşgalasy Saud Arabystanynda öli tapyldy

Azathabar.com 

Saud Arabystanynyň Medine şäherinde tanymal täjik biznesmeni we onuň maşgalasy öli tapyldy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, öldürilenleriň arasynda biznesmen Bahtiýor Dodohonow, onuň aýaly hem-de 8 we 12 ýaşlaryndaky iki ogly bar. Dodohonowyň ene-atasynyň 7-nji martda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Dodohonow we onuň maşgalasy fewral aýynyň ahyrynda saud Arabystanyna sapar etdiler we olaryň 6-njy martda yzyna dolanmagyna garaşylýardy. Dodohonowyň ene-atasy olar öz wagtynda yzyna dolanmansoň... Читать дальше...

HRW: Saud Arabystany pakistanlylaryň hukuklaryny bozýar

Azathabar.com 

Human Rights Watch guramasy we düýbi Lahorda ýerleşýän “Pakistanyň Adalat proýekti” Saud Arabystanynyň jenaýatlar boýunça adalat ulgamynyň pakistanly tussaglaryň adalatly we kada laýyk sud edilmek hukugyny bozýandygyny aýdýarlar. “Jenaýatlar boýunça adalat ulgamyndaky ýetmezçilikler, hususan-da, kanuny ýardam tapmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan pakistanlylara täsir ýetirýär” diýlip, agzalýan guramanyň 7-nji martda ýaýradan 29 sahypalyk hasabatynda bellenilýär. Hasabatda Pakistanyň raýatlaryny... Читать дальше...

Çeçenistanda dikuçar heläkçiliginde azyndan iki adam öldi

Azathabar.com 

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanyň häkimiýetleri ýurtda bolan dikuçar heläkçiliginde azyndan iki adamyň ölendigini aýdýarlar. Ýerli resmiler Çeçenistanyň Serhet gullugyna degişli dikuçaryň ýurduň günortasyndaky daglyk sebitde heläkçilige uçrandygyny mälim etdiler. Bu dikuçar heläkçiliginiň sebäpleri barada häzirlikçe resmiler tarapyndan goşmaça maglumatlar berilmeýär.

Russiýanyň Dumasynyň spikeri: Zenan žurnalistler jynsy süýkenmäniň öňüni almak işini çalyşmaly

Azathabar.com 

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin kanun çykaryjy organ barada habar berýän zenan žurnalistler kanunçykaryjylaryň jynsy süýkenmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolsa, onda olar işlerini çalyşsynlar diýdi. Wolodin bu barada 7-nji martda, ýagny Russiýada resmi baýramçylyk diýlip kesgitlenen Halkara aýal-gyzlar gününden bir gün öň, zenan žurnalistleriň bir toparynyň öňünde çykyş etdi. Wolodin ýakynda zenan žurnalistler tarapyndan ýokary derejeli kanunçykaryjy Leonid Slutskiýniň jynsy süýkenmelerde aýyplanmagyny... Читать дальше...

Britaniýanyň terrorizme garşy göreş birleşigi Orsýetiň öňki içalysynyň ýolugan keselini derňeýär

Azathabar.com 

Britaniýanyň terrorizme garşy göreşýän polisiýasy Orsýetiň öňki içalysy Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň garaşylmadyk ýagdaýda ýolugan agyr keseli hakda derňewleri geçirmegi öz üstüne aldy. Bu waka media maglumatlarynda geçen ýyl Skripalyň oglunyň Russiýa eden sapary döwründe nämälim sebäplerden ölendigi barada habarlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi. Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Boris Johnson wakada islendik daşary ýurt hökümetiniň arabaglanyşygy bolsa, onda munuň “jezasyz” galmajakdygyny duýduransoň... Читать дальше...

“Zähmet biržasynda ‘iş hödürlendi’ diýen galp dokumente gol çekdirýärler”

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleriniň “ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek” ugrunda ýörite maksatnamany kabul edýän pursady, ýaş türkmenistanlylar işsizlik sebäpli kösenýändiklerini, şeýle-de ýerli resmileriň hamana “iş hödürlendi” diýen galp dokumente gol çekdirýändiklerini gürrüň berýärler.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко сделала признание о соперничестве с Рыбакиной






Заслуженный спасатель Щетинин объяснил возможности эвакуации из автобусов

Анастасия Удальцова посетила выставку-форум «Уникальная Россия»

Два автомобиля столкнулись на Северо-Восточной хорде МСД

Как российские турбины потеснили Siemens