Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 08.03.2018

Ekspert: Türkmen häkimiýetleri interneti yzarlamak üçin içalyçylyk programmalaryny satyn alýar

Azathabar.com 

Beýik Britaniýanyň parlamentiniň agzasy Loýd Rassel Moýlyň (Lloyd Russell-Moyle) awtorlygynda ýurduň abraýly neşiri The Indepentde 7-ji martda çap edilen makalada Birleşen Karollygyň hökümetiniň beýleki käbir ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistana öz raýatlaryny internetde yzarlamaga mümkinçilik berýän internet içalyçylyk programmalarynyň satylmagyna rugsat berendigi nygtalýar.

Britaniýa: Skripalyň zäherlenmegi ‘aýylganç jenaýatdyr’

Azathabar.com 

Orsýetiň öňki içalysy we onuň gyzynyň nerwleri ysmaz edýän gaz bilen zäherlenmegi diýlip güman edilýän waka “aýylganç we perwaýsyz jenaýat” diýip, Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maýyň metbugat wekili aýtdy. 66 ýaşly Sergeý Skripal we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýa Britaniýanyň Salisburi sebitindäki bir söwda merkezinde oturgyjyň üstünde bihuş ýagdaýda tapylandan dört gün soň,  ýagny 8-nji martda britan häkimiýetleri olaryň saglyk ýagdaýynyň “agyrdygyny” aýtdylar. Bu aralykda, Britaniýanyň içeri... Читать дальше...

Kabulda ýüzlerçe zenan Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli ýöriş geçirdi

Azathabar.com 

Owganystanyň paýtagty Kabulda ýüzlerçe aýal 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli ýöriş geçirip, owgan häkimiýetlerine aýallaryň öz seslerine eýe bolmagyny, olaryň sesleriniň eşidilmegini, bilim almagyny üpjün etmek we olary artýan ýowuzlyklardan goramak üçin entek hem has köp işleriň edilmelidigini ýatlatdy. Owganystanyň garaşsyz Adam hukuklary komissiýasynyň başlygy Sima Samar owgan howpsuzlyk güýçlerindäki zenanlaryň öňünde çykyş edip, “siziň howpsuzlygyňyz owgan zenanlarynyň ählisiniň howpsuzlygydyr” diýdi. Читать дальше...

BMG: Pakistan, Eýran aýallar üçin iň az iş mümkinçiliklerini hödürleýän ýurtlaryň hatarynda

Azathabar.com 

Pakistan, Eýran we Ýakyn Gündogar ýurtlary aýal-gyzlar üçin iň az iş mümkinçiliklerini hödürleýän döwletleriň hatarynda bolup, bu bolsa agzalýan ýurtlarda we sebitde zenanlaryň işsizlik derejesiniň ýokary bolmagyna getirýär diýip, Birleşen Milletler Guramasy aýdýar. BMG-niň Halkara zähmet guramasy tarapyndan 7-nji martda giçlik ýaýradylan hasabatda aýdylmagyna görä, Ýakyn Gündogarda işsiz aýal-gyzlaryň sany erkeklere garanda iki esse ýokary bolup, bu sebitde zenanlar köplenç iň pes derejeli we aýlykly işlerde zähmet çekýärler. Читать дальше...

Wenadaky pyçakly hüjümler bilen ilteşikli bir owganystanly tussag edildi

Azathabar.com 

Awstriýanyň paýtagty Wenada amala aşyrylan pyçakly hüjümler bilen ilteşikli bir owganystanly adam tussag edildi diýip, 8-nji martda polisiýa aýtdy. Bu hüjümlerde dört adam agyr ýaralandy. 7-nji martda 23 ýaşyndaky şübheli 20 ýaşyndaky owganystanly bir adamy pyçaklandan gysga wagt soň tussag edildi diýip, Awstriýanyň polisiýasynyň metbugat wekili Patrik Maierhofer aýtdy. Onuň sözlerine görä, polisiýa bu wakadan bir sagat çemesi öň Wenanyň merkezinde awstriýaly maşgalanyň pyçaklanmagyna hem gürrüňi... Читать дальше...

Köp çagaly eneler hem sylaglanýar, hem 'ala tutulýar'

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji mart baýramçylygynyň öňüsyrasynda sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň onlarçasyna “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky permana gol çekdi.

Balkarlar sowet döwründäki deportasiýanyň 74-nji ýyldönümini belleýärler

Azathabar.com 

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Kabardino-Balkariýadaky balkarlar sowet lideri Iosef Stalin tarapyndan özleriniň Merkezi Aziýa köpçülikleýin deportasiýa edilmeginiň 74-nji ýyldönümini belleýärler. Balkarlar türki dilli we aglaba musulmanlardan ybarat etniki topar bolup, olaryň sanynyň 110 müň adama barabardygy çaklanylýar. 8-nji martda sebitiň metjitlerinde 1944-1957-nji ýyllar aralygynda Gazagystana we Gyrgyzystana deportasiýa edilen mahaly aradan çykan adamlaryň hormatyna doga-dilegler edildi. Читать дальше...

Sakarlylary gytçylyk bilen etraplaryň birleşdirilmegi 'köseýär'

Azathabar.com 

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis halkyň durmuşyna ýetirýän täsirlerini barha ýiteldýär. Munuň ýanynda Aşgabat hökümetiniň kabul edýän käbir kararlary hem ykdysady krizisiň halkyň ýaşaýyş şertlerine ýetirýän täsiniň hasam ýiti duýulmagyna getirýär.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме






Поплавская высказалась о причинах убийства Влада Листьева

В Госдуме допустили повышение налогов

Орден святых Кирилла и Мефодия был вручен Государственному Кремлевскому оркестру

В Музее Победы наградили лауреатов Международного фестиваля правильного кино