Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 17.03.2018

Berdimuhamedow Telekeçiler birleşmesine $3 milliard döwlet karzyny berdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, onuň agzalary bilen duşuşyp, – ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe – dürli gurluşyk obýektleri üçin Birleşige 3 millard dollar möçberinde döwlet karzyny berdi.

Astana Lawrowyň ABŞ-lylaryň wizasyz düzgünine seretmek teklibini ret etdi

Azathabar.com 

Gazak Daşary işler ministrligi Russiýanyň ABŞ raýatlarynyň Gazagystana wizasyz syýahat etmegine mümkinçilik berýän düzgünine gaýtadan seretmek teklibini ret etdi. Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 15-nji martda çykyş edip, ABŞ-lylaryň Gazagystana wizasyz syýahat etmegine mümkinçilik berýän ylalaşygyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen “koordenirlenmelidigini” aýtdy. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň düzümine Russiýa, Gazagystan bilen birlikde ýene Ermenistan, Belarus we Gyrgyzystan girýär. Читать дальше...

ABŞ Ýewropa ýaranlary bilen Eýranyň ýadro ylalaşygyna “goşmaçalary” maslahat edýär

Azathabar.com 

ABŞ we Ýewropa ýurtlary Eýranyň ballistik raketalaryny özleşdirilmek programmasyny we Ýakyn Gündogardaky konfliktlere goşulmagyny nazar alyp, Tähran bilen ýadro programmasy boýunça gelnen ylalaşyga girizilmegi mümkin “goşmaçalary” maslahat edýärler. Bu barada ABŞ-ly diplomat mälim edip, ýaranlaryň bu barada 16-njy martda Wenada “örän oňat” gepleşikleri geçirendiklerini hem sözüne goşdy. Reuters habarlar gullugy Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň Eýranyň ballistik raketalar programmasy... Читать дальше...

Kabulda janyndan geçeniň hüjüminde üç adam öldi

Azathabar.com 

Kabulda janyndan geçeniň ulagda amala aşyran hüjüminde azyndan üç adam öldi, başga-da ikisi ýaralandy. Bu barada owgan resmileri habar berýärler. Kabulyň Despeçari sebitinde amala aşyrylan bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy. Içeri işler ministrligi hüjümde heläk bolanlaryň we ýaralanlaryň ählisiniň parahat ýaşaýjylaryň bolandygyny mälim etdi. Owgan hökümeti 16 ýyl bäri dowam edip gelýän konflikti togtatmak maksady bilen, “Talybany” parahatçylyk gepleşiklerine goşulmaga çagyrýar.

DFB-iň (FBI) direktorynyň orunbasary wezipesinden çetleşdirildi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň baş prokurory Jeff Sessions Derňewler boýunça Federal Býuronyň (FBI) direktorynyň orunbasary Andrew McKabeýi eýeleýän wezipesinden boşatdy. Mundan owal, prezident Donald Tramp özüniň saýlaw kampaniýasy bilen Russiýanyň arasyndaky arabaglanyşyklar boýunça alnyp barylýan derňewlerde McKabeýi “tarapgoýlikde” aýyplapdy. Sessions McKabeýiň Derňewler boýunça Federal Býuronyň baş inspektorynyň we Professional jogapkärçilik boýunça edarasynyň rekommendasiýalary esasynda wezipesinden boşadylandygyny mälim etdi. Читать дальше...

Russiýa 23 britan diplomatyny ýurtdan çykarýar

Azathabar.com 

Moskwa ozalky rus içalysyna edilen hüjüm bilen baglylykda, Britaniýanyň 23 rus diplomatyny ýurtdan çykarmagyna jogap hökmünde, Russiýadan 23 sany britan diplomatynyň çykaryljakdygyny mälim etdi.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса