Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 14.03.2018

Azatlyk Radiosynyň websaýtynyň Türkmenistanda petiklenmeýän görnüşi  

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň websaýty Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar. Şu sebäpden "Serhetsiz reportýorlar" guramasy Azatlyk Radiosynyň websahypasynyň Türkmenistanda elýeterli ýörite görnüşini döretdi. Oňa girmek üçin şu sepe basyň:​ https://aza.global.ssl.fastly.net/

Nowruz baýramy mynasybetli welaýatlardan 800 çemesi adam Aşgabada bardy

Azathabar.com 

Türkmenistanda 21-nji martda bellenilýän Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çärelerine köpçülikleýin taýýarlyk görlüp başlandy. Bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nowruz baýramy mynasybetli guraljak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrmagyndan iki gün soňa gabat geldi.

Belarusdan Orsýete geçmekçi bolan iki türkmenistanly administratiw jogapkärçiligine çekildi

Azathabar.com 

Orsýetiň Newel raýonynyň sudy Türkmenistanyň iki raýatyny administratiw jogapkärçiligine çekdi. Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň resmi maglumatyna görä, 12-nji martda gije iki sany türkmenistanly student Belarusdan Orsýet Federasiýasynyň territoriýasyna girjek bolanda tussag edilipdir. Maglumata görä, Belarusda bilim alýan 1997-nji ýylda doglan student gyzyň wizasy gutarypdyr, emma ol ýurdy terk etmänsoň, administratiw jogapkärçiligine çekilip, oňa Belarusa 2020-nji ýyla çenli girmek gadagan edilipdir. Читать дальше...

Pentagon Eýran bilen ýadro ylalaşygy goldamagyny dowam etdirýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň baş harby ýolbaşçysy Pentagonyň Eýranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy bilen baglaşan ýadro ylalaşygyny goldamagyny dowam etdirýändigini aýtdy. Pentagonyň bu beýanaty ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň wezipesini terk edýändigi barada yglan edilmeginden birnäçe sagat yzýanyna gabat geldi. Tillerson ABŞ-nyň administrasiýasynyň Eýran bilen ýadro ylalaşygynyň esasy goldawçysydy. ABŞ-nyň merkezi harby ýolbaşçylygynyň baştutany general Josef Woteliň 13-nji martda Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetine aýtmagyna görä... Читать дальше...

Britaniýanyň premýer-ministriniň Orsýete garşy çäreleri yglan etmegine garaşylýar

Azathabar.com 

Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maýiň 14-nji martda Orsýete garşy çäreleri yglan etmegine garaşylýar. Orsýet Britaniýanyň Ikinji Jahan Urşundan galan zäheriň öňki orsýetli gizlin agenti Britaniýada zäherlemek üçin nädip ulanylandygy baradaky soragyna jogap bermek üçin London tarapyndan kesgitlenen wagt möhletine äsgermezçilik bildirdi. ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we NATO Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherlemegiň arkasynda Orsýtiň durandygyny aýdan Britaniýa goldaw bildirdiler. Zähriň nerwe täsir... Читать дальше...



Owganystanda söweşijileriň hüjümlerinde azyndan 10 howpsuzlyk wekili wepat boldy

Azathabar.com 

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 10 wekili ýurduň günbatar we günorta böleklerinde bolan aýra-başga hüjümlerde wepat boldy diýip owgan resmileri habar berýärler. Farah regionynyň geňeşiniň agzalarynyň aýtmagyna görä, 14-nji martda irden hüjümçileriň howpsuzlyk nokadyna uran zarbasynyň netijesinde azyndan sekiz sany howpsuzlyk wekili wepat boldy we ençemesi ýaralandy Welaýatyň geňeşiniň ýolbaşçysy Farid Ahmad Bakhtawar regionyň paýtagty Farah şäheriniň eteginde bolan hüjümde “Talybanyň”... Читать дальше...

Dünýä belli alym Stiwen Hoking aradan çykdy

Azathabar.com 

Iň meşhur teoretik-fizikleriň biri bolan britan alymy Stiwen Hoking 76 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol Kembridjdäki öýünde dünýäden ötdi. Hoking kwant kosmologiýasynyň düýbüni tutanlaryň biridi. Ol dünýäniň Uly partlamanyň netijesinde döremeginiň teoriýasyny öwrenýärdi we gara degişler teoriýasy ugrunda hem köp iş edipdi. Stiwen Hoking dünýäniň döreýşi, giňişligiň we wagtyň gelip çykyşy, gara deşikler barada “Döwrüň gysgaça taryhy” atly ylmy-populýar kitabyň awtory hökmünde uly meşhurlyk gazandy. Читать дальше...

Kiprde ogurlykda aýyplanýan türkmen migranty sud edilýär

Azathabar.com 

Kipriň demirgazygyndaky Nikosiýa sebitinde bir gijede 2 sany dükany talamakda güman edilýän türkmenistanly migrant Ruslan Hatamow howpsuzlyk kameralarynyň surata düşüren wideo şekilleriniň kömegi bilen göz astyna alnyp, soň sud edildi.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса