Türkmen prezidenti şu ýylky pagta ekişliginiň senesini belledi
“Prezident möhüm waka üçin badalganyň ýaşulularyň gatnaşmagynda berilmegine isleg bildirdi” diýip, TDH döwlet informasion agentligi habar berdi. Resmi maglumatda, şu ýyl göz öňünde tutulýan pagta planyna degişli sanlar görkezilmedi.
Türkmenistanda esasy ekerançylyk önümleri bolan pagtanyň we gallanyň plany döwlet baştutany tarapyndan kesgitlenýär. Ozalky ýyllarda ýyllyk pagta plany üýtgewsiz 1 million 50 müň tonna möçberinde kesgitlenipdi.
Pagta Türkmenistanyň dokma senagatynyň esasy çigmaly bolup durýar, şeýle-de Orsýete, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Beýik Britaniýa we ýene birnäçe ýurda eksport edilýär.
Halkara guramalary Türkmenistanyň öz pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüni ulanmagyny, şol sanda býujet işgärlerini çekmegini yzygiderli tankyt edýärler.
