Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Owganystanyň hökümet güýçleri 'Talybany' Anardara etrabynyň merkezinden gysyp çykardylar

0
Owgan resmileri hökümet güýçleriniň Owganystanyň gündogarynda “Talybanyň” söweşijileriniň tiz ele salan etrabyny öz gözegçiligine alandygyny aýdýarlar.


Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili Dawlat Wazeriniň 12-nji martda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, owgan güýçleri birnäçe sagatlap dowam eden söweşlerden soň, “Talybanyň” söweşijilerini Farah welaýatynyň Anardara etrabynyň merkezinden gysyp çykarypdyr.


Emma Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiliniň orunbasary Nusrat Rahimi hüjümçilere howadan zarba urlansoň, hökümet güýçleriniň etraby öz gözegçiligine geçirendigini aýtdy.


Rahimi howa hüjümleriniň netijesinde 56 sany hüjümçiniň öldürlendigini we onlarçasynyň ýaralanandygyny aýtdy. 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса