Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Owganystanda söweşijileriň hüjümlerinde azyndan 10 howpsuzlyk wekili wepat boldy

0
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 10 wekili ýurduň günbatar we günorta böleklerinde bolan aýra-başga hüjümlerde wepat boldy diýip owgan resmileri habar berýärler.


Farah regionynyň geňeşiniň agzalarynyň aýtmagyna görä, 14-nji martda irden hüjümçileriň howpsuzlyk nokadyna uran zarbasynyň netijesinde azyndan sekiz sany howpsuzlyk wekili wepat boldy we ençemesi ýaralandy


Welaýatyň geňeşiniň ýolbaşçysy Farid Ahmad Bakhtawar regionyň paýtagty Farah şäheriniň eteginde bolan hüjümde “Talybanyň” azyndan 15 sany söweşijisiniň öldürlendigini aýtdy.


Geçen hepdede “Talybanyň” amala aşyran ençeme ganly hüjümiň yzýanyna gabat gelen soňky hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar dessine öz üstüne almady.


Helmand welaýatynda öz janyndan geçen hüjümçi ýük ulagyny barlag-geçişine nokadyna sürüp, azyndan iki sany serhetçini öldürdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса