Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Merkezi Aziýanyň dört lideri birinji regional sammitine jemlendi

0
Merkezi Aziýanyň dört ýurdunyň prezidentleri ilkinji regional sammitini geçirmek üçin Gazagystanda jemlendiler. Olaryň soňky tas on ýylyň dowamynda ýokary derejelere geçirýän bu ilkinji duşuşygyna Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň 2016-njy ýylda ýogalmagyndan soň regional gatnaşyklaryň gowulanyp başlamagynyň alamaty hökmünde garalýar.


15-nji martda geçirilýän duşuşyga Gazagystanyň prezidenti baştutanlyk edýär.


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaýar. Dünýäniň iň üzňe ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň adyndan bu regional sammite Mejlisiň baştutany Akja Nurberdiýewa baştutanlyk edýär.


Sammitiň geçirilmegi Şawkat Mirziýoýewiň teklibi bilen geçirilýär. Mirziýoýew 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Yslam Karimowyň aradan çykmagynyň yzýany häkimiýet başyna geçensoň öz regional goňşulary bilen gatnaşyklary gowulandyrmagyň ugrunda hereket edýär.


Yslam Karimowyň 27 ýyllyk awtokratik dolandyryşynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan bilen gatnaşyklary tranzit ýollary, serhet howpsuzlygy we suw resurslary ýaly meseleleriň üstünde ýaramazlaşypdy.


15-nji martda regional liderleriň giň derejeli meseleleri ara alyp maslahat etmegine garaşylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса