Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 27-nji martda Türkmenistana döwlet saparyny eder

0
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 27-nji martda Türkmenistana döwlet saparyny eder.


Eýranyň Mehr agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanda geçiriljek gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli ylalaşyklaryň berjaý edilişi ara alnyp maslahat ediler.


Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana saparyna taýýarlyklar meselesi 1-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat edilipdi. Türkmenistanyň we Eýranyň resmileri iki ýurduň arasynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini nygtapdy, emma Hassan Rohaniniň garaşylýan saparynyň takyk wagtyny agzamandy.


Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana sapary iki ýurduň arasynda gazyň tölegine degişli dawanyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.


Eýran 2017-nji ýylyň dekabr aýynda halkara arbitraž suduna ýüz tutjakdygyny aýtdy. 29-njy ýanwarda Eýranyň IRNA habar gullugy Tähranyň Türkmenistanyň garşysyna ýene bir şikaýat bilen Halkara arbitraž suduna ýüz tutmakçy bolýandygyny habar berdi.


Geçen gezek Eýranyň prezidenti Türkmenistana 2015-nji ýylyň mart aýynda barypdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса