Pakistanyň sudy hristian är-aýalyň diri ýakylmagy bilen ilteşikli 20 şübhelini aklady
Kerpiç öndürýän zawodda işlän 26 ýaşly Şahzad Masih we 24 ýaşly Şama Şahzad adamlaryň köpçüligi tarapyndan senagat pejinde diri otlanypdy. Şonda hristian jübüdiň Punjab sebitindäki Kot Radha Kişan şäherçesiniň golaýynda Gurhan kitabynyň sahypalaryny beýleki zir-zibiller bilen zyňandygy öňe sürlüp, yslamyň mukaddes kitabyna hormatsyzlyk edendigi aýdylypdy.
Şol wakadan soň, hristian är-aýala bildirilen aýyplamalaryň ýalandygy anyklaşdyryldy we ýurduň polisiýasy bu iş bilen ilteşikli onlarça oba ýaşaýjysyny tussag etdi.
2016-njy ýylyň noýabr aýynda Lahoryň terrorçylyga garşy göreş sudy bu iş bilen bagly bäş adamy ölüm jezasyna we ýowuzlykdaky roly üçin diýip, başga-da 10 sanysyny dürli wagt möhleti bilen türme tussaglyklaryna höküm etdi.
