Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2018

Eýran Trampyň bellän milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisini tankyt etdi

0
Eýran ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň BMG-däki öňki ilçisi Jon Boltonyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi wezipesine bellemek kararyny tankyt etdi. Eýranyň ýokary derejeli resmisi Trampyň bu kararyny masgaraçylyk we Waşingtonyň Tähranyň hökümetini agdarmak isleginiň alamaty diýip atlandyrdy.


Boltonyň metbugat wekili Eýranyň beýanatyny ret edip, ony “propaganda” diýip atlandyrdy.


Eýranyň Milli howpsuzlyk boýunça baş sekretary Ali Şamhani öz beýanatynda Boltonyň 2017-nji ýylda ýurduň daşynda ýerleşýän we hökümeti agdarmaga çagyryş edýän Eýranyň oppozision partiýasynyň (People's Mujahedin of Iran) duşuşygyna gatnaşandygyny belledi.


Ýarym resmi Fars täzelikler agentligi Şamhaniniň “güýç ägirdiniň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň terrorçy topardan gazanç etmegi utanç meselesidir” diýip, 25-nji martda aýdandygyny habar berdi. Maglumatda eýran resmisiniň öz aýdanlaryna delil getirendigi aýdylmady.


Eýranyň oppozision partiýasy Boltony ýa-da ABŞ-nyň başga resmilerini maliýeleşdirendigi hakynda aýdylanlary ret etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса