Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Şwesiýada ýük ulagly adam öldüren özbegistanlynyň sud diňlenişigi geçirilýär

0
Geçen ýyl Stokgolmda ýük ulagy bilen hüjüm edip, bäş adamy öldürendigini boýun alan özbegistanlynyň sud diňlenişiginiň soňky tapgyry 2-nji maýda Stokgolmyň etrap sudunda geçirilýär.


Şu ýylyň fewral aýynda Rahmat Akilow özüniň geçen ýylyň 7-nji aprelinde ýük ulagyny pyýadalaryň geçýän köçesine sürüp, üç şwedi, şol sanda 11 ýaşyndaky gyzy, şeýle-de britan adamy we belgiýaly zenany öldürendigini boýun aldy. Şol wakada başga-da 10 adam ýaralanypdy.


Geçen hepde 40 ýaşyndaky Akilowyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegine çagyryş edildi. Iki aý dowam eden sud diňlenişiginiň dowamynda 100-den gowrak adam, şol sanda wakada aman galanlar we olaryň dogan-garyndaşlary şaýat bolup çykyş etdi.


2016-njy ýylda Şwesiýanyň häkimiýetleri tarapyndan gaçybatalgasy ret edilen Akilow hüjümden bir gün öň “Yslam döwleti” toparyna wepalylyk kasamyny edýär. Ýöne şol hüjümiň jogapkärçiligini ne “Yslam döwleti” topary, ne-de beýleki bir topar öz üstüne aldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса