Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 19.05.2018

Gyrgyz deputatlary ozalky prezident Atambaýewiň derňelmegini teklip edýär

Azathabar.com 

Gyrgyz parlamentiniň deputatlary ozalky prezident Almazbek Atambaýewi häkimiýetleriň geçen gyşda boldy diýýän elektrik stansiýasy hadysasyna jogapkär bolmagy ahmal adamlaryň sanawyna goşdular. Anyklaşdyrylmadyk hadysa 26-njy ýanwarda bolup, paýtagtyň ýaşaýjylaryny howanyň sowuklygy -30-a düşen wagtynda köp gün ýyladyşsyz goýdy.Kanun çykaryjylar bu karara 17-nji maýda, köp güne çeken gyzgyn çekişmeden soňra geldiler. Bu karar Atambaýewiň elektrik hadysasyndaky rolunyň derňelmegine ýol açylmagyny teklip edýär. Читать дальше...

Gyrgy deputatlary ozalky prezident Atambaýewiň derňelmegini teklip edýär

Azathabar.com 

Gyrgy parlamentiniň deputatlary ozalky prezident Almazbek Atambaýewi häkimiýetleriň geçen gyşda boldy diýýän elektrik stansiýasy hadysasyna jogapkär bolmagy ahmal adamlaryň sanawyna goşdular. Anyklaşdyrylmadyk hadysa 26-njy ýanwarda bolup, paýtagtyň ýaşaýjylaryny howanyň sowuklygy -30-a düşen wagtynda köp gün ýyladyşsyz goýdy.Kanun çykaryjylar bu karara 17-nji maýda, köp güne çeken gyzgyn çekişmeden soňra geldiler. Bu karar Atambaýewiň elektrik hadysasyndaky rolunyň derňelmegine ýol açylmagyny teklip edýär. Читать дальше...

Rus oppozision lideri Alekseý Nawalnyý täze syýasy partiýa döretdi

Azathabar.com 

Rus oppozision lideri Alekseý Nawalnyý, Wladimir Putine garşy ýurt boýunça guran protestleri zerarly türmede oturanlygy üçin özi gatnaşyp bilmese-de, täze syýasy partiýa döretdi.  “Orsýetiň geljegi” diýlip atlandyrylan täze partiýa 19-njy maýda Moskwada geçirilen uçreditel gurultaýynda döredildi diýip, kreml tankytçysynyň baýry kömekçisi Lýubow Sobol twitterde habar berdi. Sobol bu partiýanyň heniz Orsýetiň Adalat ministrliginde resmi hasaba alynmandygyny aýtdy.  Ol bu partiýanyň maksadynyň “hakyky üýtgeşiklikleri... Читать дальше...

Tanymal özbek hukuk goraýjysy Wasila Inoýatowa 62 ýaşynda aradan çykdy

Azathabar.com 

Tanymal özbek hukuk goraýjysy, syýasy tussaglar bilen işleşen we Merkezi Aziýa ýurdunda mejbury zähmetiň berk tankytçysy bolan aktiwist aradan çykdy. Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleri 19-njy maýda Wasila Inoýatowanyň irden, Daşkentde içki ganama zerarly geçirilen operasiýa mahalynda ýogalandygyny aýtdylar.Ol 62 ýaşyndady.  Inoýatowa uzak waglap Daşkentdäki “Ezgulik” adam hukuklary merkezine başlyklyk etdi. Ol Özbegistanyň pagta senagatyndaky mejbury zähmete, awtoritar lider Yslam... Читать дальше...

ABŞ-nyň Tehsas ştatyndaky ýokary mekdepde bolan atyşykda on adam öldürildi

Azathabar.com 

Tüpeňli we sapançaly adam ABŞ-nyň Tehsas ştatyndaky ýokary mekdepde on adamy, şol sanda pakistanly studenti atyp öldürdi diýip, resmiler aýtdylar. Tehsasyň gubernatory Greg Abbottgüman edilýän atyjynyň partlaýjy enjamlarynyň, şol sanda molotow kokteýliniň hem bolandygyny, olaryň mekdepden we golaýdan tapylandygyny aýtdy. Abbott bu hüjümi “Tehsas mekdepleriniň taryhynda görlen iň ýigrenji hüjümleriň biri” hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle-de ol hüjümçiniň özüni öldürmegi niýet edinendigini, emma mundan el çekip... Читать дальше...

Owgan kriket ýaryşynda bolan partlamalar 8 adamy öldürdi

Azathabar.com 

18-nji maýda Jalalabat şäherindäki sport stadionynda bolan köp sanly partlamalar sekiz adamy öldürip, 45 adamy ýaradar etdi diýip, owgan resmileri aýtdy.  Partlamalar mukaddes Ramadan aýynyň başlanmgyna gabat geçirilýän kriket ýaryşy mahalynda boldy. Welaýat geňeşiniň agzasy Sohrab Kaderiniň tassyklamagyna görä, bu partlamalara iki raketanyň ýarylmagy sebäp boldy. Şeýle-de ol ölenleriň arasynda kriket ýaryşyny gurnaýjy Hidaýatullah Zaheeriň we birnäçe ýerli resminiň bardygyny aýtdy. Hüjümiň jogapkärçiligini... Читать дальше...

Yrak saýlawlarynda şaýy ruhanysy Sadryň ýaranlygy ýeňiji boldy

Azathabar.com 

Ýurduň Saýlaw komissiýanyň 19-njy maýda yglan eden soňky netijelerine görä, täsirli şaýy ruhanysy Muktada al-Sadryň ýaranlygy Yragyň parlament saýlawlarynda iň köp orun aldy. Premýer-ministr Haýdar al-Abadiniň blogyny üçünji orunda goýan resmi netije 12-ni maýda geçirilen umumy saýlawlardan bir hepde soň çap edildi. Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýalar bilen baglanyşykly kandidatlar topary parlamentde ikinji orny eýeledi. Iň ýokary üç toparyň hiç biri saýlawda parlamentde 50 prosentden köp orun alyp bilmedi. Читать дальше...

Türkmenistan Konstitusiýa we  Döwlet baýdagy gününi belledi

Azathabar.com 

Türkmenistan 18-nji maýda  ýurduň Konstitusiýasynyň we  Döwlet baýdagynyň gününi belledi.  Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň  gatnaşmagynda  Konstitusiýa binasyna hem-de Baş tuga gül goýmak dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär. Döwlet baştutanynyň baýramçylyk mynasybetli halka iberen gutlagynda  “Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz... dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir” diýilýär. Читать дальше...

Türkmenistan Konstitusiýa we  Baýdak gününi ilkinji gezek bilelikde belledi

Azathabar.com 

Türkmenistan 18-nji maýda  ýurduň Konstitusiýasynyň we  Döwlet baýdagynyň gününi belledi.  Mundan öň Baýdak güni 19-njy fewralda, ozalky prezident S.Nyýazowyň doglan gününde bellenerdi. Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň  gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de Baş tuga gül goýmak dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär. Döwlet baştutanynyň baýramçylyk mynasybetli halka iberen gutlagynda  “Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

В России назвали подвигом победу Рублева на "Мастерсе" из-за болезни






В Казани завершил работу военно-спортивный сбор «Наследники Победы»

Пентагон и SpaceX заблокировали используемые Россией терминалы Starlink

Жителям Ступина показали военную технику в День Победы

Москва и Ереван пока не сжигают мосты