Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 21.05.2018

Owganystanda TOPH-yň geçjek ýoluny minalardan arassalaýjylar öldürildi

Azathabar.com 

Owganystanyň Kandahar regionynda minalary ýok edýän azyndan alty sany sapýor näbelli ýaraglylar tarapyndan öldürildi diýip, regional polisiýasynyň müdiri general Abdul Razige salgylanyp media serişdeleri habar berdi. Media maglumatlaryna görä, polisiýanyň resmisi ýaragly adamlaryň ýene bir sapýory ogurlap äkidendigini habar beripdir. Bu hadysanyň Maiwand etrabynyň Malang Kariz atly ýerinde bolandygy aýdylýar. Minalary ýok edýän topar “Aims De-mining Company” (AMDC) atly guramanyň işgärleri bolup... Читать дальше...

Azyk dükanlarynyň öňündäki nobatlar

Azathabar.com 

Aşgabadyň dükanlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň gün-günden gytalmagy bilen, dükanlaryň öňündäki nobatlar hem artýar. Bu ýagdaý, hususanda, Aşgabadyň “Hitrowka” we 30-njy etrapçalaryndaky azyk dükanlarynyň öňünde has köp göze ilýär. Bu ýerde ýaşaýjylar ir säherden turup, şekeriň, çigit ýagynyň we unuň nobatyna durýarlar.

Lebapda mekdep okuwçysy zorlandy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerli mekdebiň gyz okuwçysyny ýaňy-ýakynda goşun gullugyndan gaýdyp gelen ýerli ýigit zorlady diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, habar berdi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý 16-njy maýda ýüze çykypdyr. "Lebapda, Çärjew etrabynda mekdep okuwçysy zorlandy. Ol 7-nji orta mekdebiniň 9-njy klasynda okaýar. Ol 16 ýaş töwereginde. Zorluga sezewar edilen gyzyň gurply däl maşgaladan bolup, onuň kakasynyň maýypdygy... Читать дальше...

Pompeo ABŞ-nyň Eýran babatyndaky täze strategiýasyny öňe sürer

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 21-nji maýda ABŞ-nyň Eýran babatyndaky täze strategiýasyny öňe sürer. Bu onuň geçen aýda wezipä geçeli bäri ilkinji möhüm çykyşy bolar. ABŞ-nyň resmileri Pompeonyň Waşingtonda Miras fondunda (Herritage Foundation) etjek çykyşynda Eýran boýunça “diplomatik ýol kartasyny” mälim etjekdigini aýdýarlar. Iki hepdä golaý wagt mundan ozal prezident Donald Tramp ABŞ-nyň dünýäniň birnäçe täsirli ýurdunyň Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilendigini aýtdy. Читать дальше...

Orsýetiň Astrahan regionynda türkmen mekdebi açyldy

Azathabar.com 

Astrahan regionynyň Powolžýe raýonynyň Funtowo obasynda 18-nji maýda açylan türkmen mekdebiniň Türkmenistanyň prezidentiniň inisiatiwasy bilen gurlandygyny we Astrahan regionynyň 300 ýyllygyna sowgat bolandygyny orsýet mediasy habar berdi. Magtymgulynyň ady dakylan mekdebiň türkmen dilini öwrenmäge we türkmen medeniýetini gorap saklamaga mümkinçilik döredýändigi aýdyldy. Aşgabat.net neşriniň maglumatyna görä, türkmen mekdebiniň açylan ýeri Funtowo obasynda türkmenleriň regiondaky iň uly diasporasy ýaşaýar... Читать дальше...

Tehasda pakistanly gyzyň ýasyna ýüzlerçe adam gatnaşdy

Azathabar.com 

Tehasyň mekdebinde bolan ok atyşykda wepat bolan pakistanly studentiň jaýlanyş çäresine ýüzlerçe adam gatnaşdy. Alyş-çalyş bilim programmasynyň studenti Sabika Şeih 18-nji maýda Santa Fe ýokary mekdebinde dörän ok atyşykda heläk boldy. Onuň bilen hoşlaşyk çäresi 20-nji maýda Tehas ştatynyň Stafford şäherindäki Yslam merkezinde geçirildi. Pakistanly student gyzyň Tehasda ýakynlarynyň bolmandygy sebäpli onuň jaýlanyş çäresiniň guramaçylygyny “Islamic Society for Greater Houston” atly yslam jemgyýeti... Читать дальше...

Britan parlamenti Orsýetiň 'hapa' pullarynyň täsirini ýazgarýar

Azathabar.com 

Orsýetiň “hapa” pullary Britaniýanyň Kremle garşy durmak boýunça tagallalarynyň ähmiýetini gaçyrýar we prezident Wladimir Putiniň “halkara kanunlaryna esaslanan sistemany ýok etmek” boýunça kampaniýasyny goldaýar diýip, parlamentiň hasabatynda aýdylýar. “Bu ‘hapa pullaryň’ Beýik Britaniýanyň daşary syýasy bähbitlerine ýetirip biljek zyýanynyň möçberi Orsýetiň transaksiýalarynyň getirýän bähbitlerine kölege salýar” diýip, britan parlamentiniň Daşary syýasat boýunça komitetiniň başlygy Tom Tugendhat 21-nji maýda “Moskwanyň altyny... Читать дальше...

Wenesuelanyň saýlaw geňeşi prezident Maduronyň saýlawlarda ýeňendigini yglan etdi

Azathabar.com 

Wenesuelanyň saýlaw geňeşi prezident Nikolas Maduronyň saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi, onuň garşydaşlary netijeleri ykrar etmejegini aýtdylar. ABŞ netijeleri “galp” atlandyrdy. Saýlaw resmileri Maduronyň 5.8 million sesden 68%-ne eýe bolandygyny aýtdylar. Maduronyň bäsdeşlerinden Henri Falkon iň köp ses toplap, 21% eýe bolupdyr. 20-nji maýda geçirilen saýlawlar ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň pes bolmagynda geçirildi. Saýlaw resmileriniň arasyndaky çeşmäniň Reuters agentligine aýtmagyna görä... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса