Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 26.05.2018

Tramp Kim bilen goýbolsun edilen sammitiň bolmagynyň ahmaldygyny duýdurýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 25-nji maýda twitterde Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçirilmekçi bolnan, emma özi tarapyndan bir gün öň goýbolsun edilen sammitiň dikeldilmegi üçin “netijeli gepleşikleriň” alnyp barylýandygyny aýtdy.  Tramp, eger bu sammit başa barsa, onuň ozalky bellenen senesinde we ýerinde, başda planlaşdyrylyşy ýaly, 12-nji iýunda Singapurda geçiriljekdigini aýtdy. Günorta Koreýanyň prezidentiniň sözçüsi “biz ABŞ-Demirgazyk Koreýa dialogynyň janlylygy babatda şindi hem seresap umytly” diýdi. Читать дальше...

Orsýet, Saud Arabystany, bahalary jylawlamak üçin, nebit çykarmagy artdyrjaga meňzeýär

Azathabar.com 

Saud Arabystany we Orsýet geljek aýdan, energiýa bahalarynyň gymmatlamagy baradaky sarp ediji aladalaryny peseltmek üçin, nebit öndürmegi köpeltmek ylalaşygyna geljege meňzeýär diýip, olaryň energiýa ministrlikleri aýtdy. Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Faleh we onuň rus kärdeşi Aleksandr Nowak, 25-nji maýda, Sankt-Peterburgdaky ykdysady sammitde 2016-njy ýylda nebit önümçiligini doňdurmak barada gelen kararlaryny yza çekjekdiklerini aýtdylar. Aýdylmagyna görä, bu çäre ýuwaş-ýuwaşdan we ýylyň ikinji ýarymyndan görler. Читать дальше...

Prezident Berdimuhamedow galla oragynyň başlanmaly senesini kesgitledi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda göni aragatnaşyk arkaly hökümet maslahatyny geçirip, ýurduň welaýatlarynda galla oragyna başlanmaly günleri kesgitledi. Prezidentiň kararyna laýyklykda, bugdaý oragyna Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 6-njy iýunda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 13-nji iýunda başlanylar.  Azatlygyň ýerli çeşmeleri bu ýylyň gurak gelendigini we ekerançylyk ýaplaryna goýberilmeli suwuň iki aý gijikdirilendigini, netijede bugdaýyň köp ýerde göýdügendigini... Читать дальше...

Türkmenistan Demirgazyk Koreýadaky ilçisini belledi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rustemowa şol bir wagtda Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky karara 25-nji maýda gol çekdi. Türkmenistan dünýäniň iň bir repressiw režimleriniň hatarynda agzalýan Demirgazyk Koreýa bilen göni diplomatik gatnaşyklaryny 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýdy. ... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко сделала признание о соперничестве с Рыбакиной






Северянка Лада Еськина – бронзовый призер первенства России по боксу

Собянин: Количество креативных кластеров в Москве увеличилось почти в два раза

Заслуженный спасатель Щетинин объяснил возможности эвакуации из автобусов

Как российские турбины потеснили Siemens