Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Belli täjik ýazyjysy we oppozisiýa wekili aradan çykdy

0
Meşhur täjik ýazyjysy we geçmişde belli oppozisiýa wekili bolan Bozor Sobir ABŞ-da 79 ýaşynda aradan çykdy.


Sobirowyň aýaly – Gulçehra Sobir Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde onuň 1-nji maýda Seattlyň keselhanasynda öýken näsazlygy sebäpli aradan çykandygyny mälim etdi.


Täjik prezidenti Emomali Rahmon diplomatlara Sobirowyň jesediniň Duşenbä getirilip, jaýlanmagy boýunça gerekli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Sobirowyň goşgulary 1970-80-njy ýyllarda, şol wagtky sowet Täjigistanynda uly meşhurlyga eýe bolupdy.


Ol Gorbaçýowyň 1980-njy ýyllaryň ahyrynda başladan reformalarynyň çäginde, Täjigistanyň Demokratik partiýasyna goşulypdy.


Sobirowyň goşgulary iňlis, nemes, ispan, rus we sowet respublikalarynyň beýleki dillerine terjime edilipdi.


Ol Täjigistandaky 1992-97-nji ýyllardaky graždançylyk urşy döwri hökümeti agdyrmak çagyryşlary üçin, 1993-nji ýylda tussag edilipdi.


Sobir özüne bildirilen aýyplamalary ret edip, olaryň syýasy matlap bilen toslanandygyny aýtdy.


Ol dokuz aý türme tussaglygyndan soň, halkara adam hukuk goraýjy guramalaryny tagallasy bilen azat edilipdi. Ol soňundan ABŞ-a emigrasiýa etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса