Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy YD-nyň bäş agzasyny tussag etdim diýýär

0
FSB, Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy “Yslam döwleti” toparynyň agzasy hasaplanylýan bäş adamy tussag edendigini, olaryň birnäçe regionda hüjüm gurnamagy planlaşdyrandygyny aýdýar. Rus habar gulluklary saklanan adamlaryň ellerinden bir topar ýaragyň hem alnandygyny habar berýär. 


Güman edilýän bäş adam 3-nji we 4-nji maýda Moskwanyň demirgazyk-gündogaryndaky Ýaroslawl şäherinde ele salyndy diýip, Interfax we TASS 4-nji maý güni giçlik, FSB-niň beýanatyna salgylanyp ýazdy.


Siriýanyň hökümetiniň gozgalaňçy güýçlere we “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy alyp barýan raýat urşunda prezident Başar al-Assadyň hökümetini goldaýan Orsýet geljek aýda geçiriljek Dünýä futbol çempionatynyň öňüsyrasynda howpsuzlyk çärelerini berkidýär.


FSB 27-nji aprelde özüniň YD söweşijileriniň Moskwa sebitinde, şu tomus Dünýä futbol çempionatynyň geçiriljek ýerlerinde planlaşdyran uly derejeli hüjümleriniň öňüni alandygyny aýtdy.


Emma FSB 4-nji maýda tutulan adamlaryň atlaryny, olaryň nirede we nähili hüjümleri planlaşdyrandygynyaýtmady.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса