Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Pakistanyň iki kömür käninde 23 magdançy heläk boldy

0
Günorta-gündogar Pakistanda aýry-aýrylykdaky iki kömür käninde bolan hadysalarda 23 magdançy öldi, 11-si bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýdýar.


Pakistanyň tebigy betbagçylyklara garşy göreş edarasynyň direktory Attaullah Ha 5-nji maýda Bulujystan welaýatyndaky Marwar kömür känindäki ýangyna metan gazynyň toplanmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Bu ýangyn käniň çökmegine we köp işçiniň ýolunyň baglanmagyna getirdi. 


"Biz 11 jesedi çykaryp aldyk” diýip, Han ýene alty jesediň şindem aşakda çykarylman ýatandygyny sözüne goşdy.


Marwar kömür känleri Bulujystanyň paýtagty Kwettaden 60 km uzaklykda ýerleşýär. 


Kwettadaky ýokary derejeli hökümet resmileriniň biri Jawaid Şahwani käniň içindäki 25 adamyň 16-synyň heläk bolandygyny, galanlarynyň halas edilendigini we bejermek üçin hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy. 


Şuňa meňzeş ýagdaýda çöken Spin Karez käninde hem 7 adam heläk boldy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса