Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Medwedewiň premýer-ministr wezipesiniň ýene bir möhlet bilen uzaldylmagyna garaşylýar

0
8-nji maýda Orsýetiň Döwlet dumasynyň Dmitriý Medwedewiň premýer-ministr wezipesini ýene bir möhlet bilen uzaltmagyna garaşylýar. Bu waka prezident Wladimir Putin Medwedewiň premýer-ministr wezipesinde dowam etmelidigini yglan edenden bir gün soňa gabat geldi.


7-nji maýda alty ýyl möhlet bilen täzeden prezidentlige kasam eden Putin resmi inaugurasiýadan sanlyja sagat soň, bu baradaky kararyny parlamentiň aşaky öýüne ugratdy.


Orsýetiň Döwlet dumasynda Putiniň “Birleşen Orsýet” partiýasy agdyklyk edýär. Medwedew bu partiýanyň başlygydyr.


Orsýetiň parlamentiniň 8-nji maýdaky ýygnagynyň Moskwa wagty günortan sagat 3-de başlamagyna garaşylýar.


Orsýetiň konstitusiýasyna laýyklykda, täze prezidentlik möhleti başlanda ýurduň hökümeti işden çekilmäge borçludyr.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса