Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

ABŞ-nyň söweş uçarlary rus bombalaýjy uçarlaryny nazara aldy

0
ABŞ-nyň iki sany söweş uçary Alýaskanyň kenaryndaky halkara howa zonasynda Russiýanyň iki sany  bombalaýjy uçaryny nazara.


Russiýanyň TU-95 “Aýy” kysymly uçarlary Alýaskanyň günbatar kenaryndan 300 kilometr uzaklykdaky Howa Hüjüminden Goranyş Identifikasiýa Zolagy atlandyrylýan giňişlige giripdirler. Bu barada Demirgazyk Amerikanyň Aerogiňişlik Goranyş Kommandowaniýesiniň metbugat-wekili CNN telekanalyna beýanat ýollady.


F-22 kysymly iki sany söweş uçary rus bombalaýjy uçarlaryny, zolagy terk edýänçäler, nazarlarynda saklapdyrlar. Rus uçarlary hiç haçan ABŞ-nyň howa giňişligine girmediler diýip, beýanatda nygtalýar.


Iki sany F-22 kysymly uçar 40 minutlap halkara howa giňişliginde rus bombalaýjy uçarlarynyň ýanynda uçdy diýip, RIA habar gullugy Russiýanyň Goranmak ministrligini sitirledi. ABŞ-nyň uçarlary rus bombalaýjy uçarlaryna 100 metrden golaý gelmediler diýip, rus harbylary maglumat berdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса