Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Parižde terror hüjümini amala aşyrmakda aýyplanýan “Çeçenistanda doguldy”

0
Fransiýa dynç günleri Parižde adamlary pyçaklamakda esasy aýyplanýanyň 1997-nji ýylda Çeçenistanda doglan, fransiýanyň raýatydygyny mälim etdi.


Resmiler şübheli barada başga goşmaça maglumat bermediler.


Şenbe güni eli pyçakly hüjümçi 29 ýaşly bir adamy öldürdi, başga-da dört adamy ýaralady. Polisiýa hüjümçini atyp, öldürdi.


Ýekşenbe güni güman edilýän hüjümçiniň ene-atasy, terrorizm derňewleriniň çäginde, polisiýa soraga çagyryldy.


“Yslam döwleti” ekstremistik topary güman edilýäniň özüniň “esgeri” bolandygyny öňe sürdi.


Parižiň prokurory terrora garşy resmileriň hadysany derňeýändigini habar berdi. Şeýle-de, ol aýyplanýanyň hüjüm wagty “Allahu Akbar” diýip, gygyrandygy barada şaýatlaryň maglumat berendigini hem sözüne goşdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса